Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe demirgazyk Siriýa howa zarbarlaryny urýar


Siriýa barýan türk tanklary, 25-nji awgust, 2016 ý.

Siriýa barýan türk tanklary, 25-nji awgust, 2016 ý.

Türkiýe demirgazyk Siriýadaky kürt milisiýasynyň söweşijilerine garşy, serhetaşyr harby hüjümiň çäginde, howa zarbalaryny urmaga başlady.

Ankaranyň 28-nji awgustdaky karary demirgazyk Siriýada türk goşunlary bilen ABŞ-nyň goldawyndaky Halk goranyş birleşikleri diýilýän kürt söweşijileriniň arasyndaky söweşiň ýitileşen wagtyna gabat geldi.

Ankara ilki demirgazyk Siriýada türk esgeriniň ölendigini we onuň Halk goranyş birleşigi tarapyndan öldürilendigini aýtdy.

Siriýanyň düýbi Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary obserwatoriýasy 28-nji awgustda türk howa zarbalarynyň demirgazyk Siriýada asuda ilatdan 20 adamy öldürendigini aýtdy.

Türkiýe, 23-nji awgustda serhetaşyr hüjüme başlaly bäri, hem«Yslam döwleti» toparynyň jeňçilerine, hem Halk goranyş birleşiginiň söweşijilerine garşy söweşýär.

Halk goranyş birleşigi YD-a garşy söweşýän hem bolsa, Türkiýe olaryň türk serhediniň boýunça territoriýa eýelemegini we bikanun diýlip yglan edilen Kürdistan Işçiler partiýasynyň türk pitneçileri bilen arabaglanyşyk gurmagyny islemeýändigini aýdýar.

Hem Ankara, hem ABŞ, halk goranyş birleşiginiň türk goşunlary bilen çaknyşmazlygy üçin, Ýefrat derýasyndan gündogarda galmalydygyny duýdurdy.

XS
SM
MD
LG