Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Fransiýa Tähran bilen tebigat hyzmatdaşlygyny eder


Ekologiýa ministri Segolene Roýal (ç) fransuz prezidenti Fransua Olland, BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun bilen. 30-njy noýabr, 2015.

Ekologiýa ministri Segolene Roýal (ç) fransuz prezidenti Fransua Olland, BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun bilen. 30-njy noýabr, 2015.

Fransiýanyň tebigat ministri Segolene Roýal Tähran bilen bilelikde, energiýa, suw ýetmezçiligi we howanyň hapalanmagy babatda bir topar proýekte başlamak planlaryny yglan etdi.

Roýal 28-nji awgustda, Eýranyň Daşky gurşawy goramak guramasynyň başlygy Massoumeh Ebtekar bilen geçirilen gepleşiklerden soň,özleriniň 2017-nji ýylyň fewralynda birnäçe esasy hyzmatdaşlyk ugurlaryny döretjekdiklerini aýtdy.

Fransuz ministri Eýrana üç günlük sapar edýär. Onuň ýanynda Fransiýanyň energiýa, suw, howanyň hapalanmagy ugrundan işleýän tebigat we täzelenýän energiýa firmalarynyň uly biznes wekilleri, şol sanda«Engiýe» elektrik firmasynyň hem başlygy bar.

Eýranyň wise-prezidenti wezipesini hem eýeleýän Ebtekar Roýalyň saparynyň tebigat babatda halkara hyzmatdaşlygynyň nähili zerurdygyny görkezýändigini aýtdy.

Roýal 29-njy awgustda demirgazyk-günbatar Eýrandaky duzlysuw kölüne, Orumiýä sapar eder.

UNESCO-nyň miras sanawyna girýän ýer soňky 20 ýylyň dowamynda aşa ekerançylyk, bentler, klimat özgermesi zerarly 90 prosent suwuny ýitirdi.

XS
SM
MD
LG