Sepleriň elýeterliligi

Prezident Kerimow 'zerur bejergi üçin' hassahana ýerleşdirildi


Prezident Yslam Kerimow

Prezident Yslam Kerimow

Özbegistanyň Ministrler kabineti prezident Yslam Kerimowyň «medisina bejergisini almagy üçin» hassahana ýerleşdirilendigini habar berýär.

Ministrler kabineti spesialistlere salgylanyp, Yslam Kerimowyň «medisina barlagynyň we bejergisiniň birneme wagt aljakdygyny» aýdýar.

Bu habar Yslam Kerimowyň soňky birnäçe günde çynlakaý näsaglandygy baradaky habarlardan soň geldi.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Özbek gullugyna, Ozodlik radiosyna prezidentiň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygy barada şenbe güni agşamyndan bäri tassyklanmadyk habarlar gelip gowuşýardy.

Bu habarlarda onuň näsaglygynyň anyk ýagdaýy görkezilse-de, Azat Ýewropa/Azatlyk radiosy olary garaşsyz ýagdaýda tassykladyp bilmedi.

Özbegistanyň hökümeti prezident Kerimowyň saglyk ýagdaýy barada birinji gezek habar berýär.

Ozal onuň saglyk ýagdaýy barada hiç wagt beýanat çap edilmändi.

Merkezi Aziýa prezidentleriniň iň ýaşulusy bolan Kerimow 78 ýaşynda we öňki sowet respublikasyny 25 ýyldan gowrak wagt bäri berk gysaçda dolandyrýar.

Prezident Kerimowyň ýarawsyzlygyny tassyklatmak örän kyn, sebäbi bu ýurtda maglumat berk kontrollyk astynda saklanylýar.

Prezident soňky gezek döwlet telewideniýesinde 17-nji awgutda, Günorta Koreýanyň içeri işler ministrini kabul edende göründi.

Görnetin mirasdüşer ýok

Ol Daşkentde 1-nji sentýabrda, Özbegistnyň garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramynda jemgyýetçilige çykmalydy.

Kerimowyň görnetin mirasdüşeri ýok we bu ýagdaý daşy gury ýer bilen gurşalan, hiç wagt halkara gözegçileri tarapyndan azat we adalatly diýlen saýlaw geçirilmedik ýurtda uzak möhletli durnuklylyk baradaky aladalary döredýär.

Merkezi Aziýa döwletleriniň her biri, şeýle-de Owganystan bilen serhetleşýän Özbesgistan Merkezi Aziýanyň iň kän ilatly ýurdy bolup, bu ýerde 30 million çemesi adam ýaşaýar.

Kerimow 1989-nji ýylda, Özbegistan Sowet Sosialistik respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň birinji sekretarlygyna saýlananda häkimiýet başyna geldi.

Ol 1991-nji ýylyň awgustynda, Sowet Soýuzy dargap barýarka, Özbegistany garaşsyz döwlet diýip yglan etdi we soňra ýurduň ilkinji prezident saýlawynda ýeňiji boldy. Ol üç gezek gaýtadan saýlandy we, resmi netijelere görä, her gezek saýlawçylaryň 90 prosent çemesiniň goldaw sesini aldy.

Kerimow öz prezidentlik möhletini uzaltmak üçin, dünýewi syýasy oppozisiýany bitaraplaşdyrmak, ýurtdaky ähli oppozisiýa neşirlerini ýok etmek bilen, referendumlary ulandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG