Sepleriň elýeterliligi

ÝB-niň araçasy nemes ministriniň maglumatynyň ähmiýetini pese gaçyrýar


Ýewropa Bileleşiginiň araçysy Ignasio Garsia Bersero.

Ýewropa Bileleşiginiň araçysy Ignasio Garsia Bersero.

Ýewropa Bileleşiginiň Birleşen Ştatlar bilen söwda gepleşiklerine araçylyk edýän baş resmi, Ýewropa Bileleşigi bilen Birleşen Ştatlaryň arasynda erkin söwda etmek barada teklip edilen pakt boýunça geçirlen gepleşikleriň şowsuz bolandygy barada Germaniýanyň ministriniň öňe süren maglumatlarynyň ähmiýetini pese gaçyrdy.

29-njy awgustda Ýewropa Bileleşiginiň araçysy Ignasio Garsia Bersero Germaniýanyň ykdysadyýet ministri Sigmar Gabriel tarapyndan öňe sürlen maglumatlaryň çişirilendigini aýtdy.

28-nji awgustdan Gabriel Ýewropa Bileleşigi bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky “Trans-Atlantik Söwda” we “Inwestisiýa hyzmatdaşlygy” diýlip atlandyrylýan gepleşikleriň “de-fakto şowsuz bolandygyny, emma muňa garamazdan, muny hakykatda hiç kimiň tassyklamaýandygyny” aýdypdy.

XS
SM
MD
LG