Sepleriň elýeterliligi

Ýemen: Bombaly ulag hüjüminde 25 adam öldi


Ýemendäki hüjümleriň birinde öz gyz jigisini alyp barýan oglanjyk.

Ýemendäki hüjümleriň birinde öz gyz jigisini alyp barýan oglanjyk.

Ýemeniň howpsuzlyk resmileri 29-njy awgustda ýurduň günortasyndaky Aden şäherinde janyndan geçen hüjümçiniň güýçli bombaly ulagy partladandygyny we hökümete tarapdar 25 esgeri öldürendigini aýdýarlar.

Bu esgerler Ýemeniň demirgazyk serhedinde söweşmek üçin Saud Arabystanyna gitmäge taýýarlyk görýärdi diýip, Ýemeniň resmileri aýdýarlar.

Şeýle-de, wakada başga-da 60 adamyň ýaralanandygy, olaryň üç keselhana ýerleşdirilendigi habar berilýär.

Ulagly bombaçy Adendäki metjidiň we iki mekdebiň golaýyndaky sebitde harby ekspedisiýa gatnaşmak üçin ýazga durýan esgerlere hüjüm etdi.

Saud Arabystany operasiýalar üçin 5 müň çemesi esgere harby tälim bermäge synanyşýar.

“Yslam döwleti” atly topar bu hüjüme öz söweşijileriniň biriniň jogapkärdigini aýtdy.

Şeýle-de, bu ekstremist topar hüjümde 60 adamyň öldürilendigini öňe sürdi.

XS
SM
MD
LG