Sepleriň elýeterliligi

Özbek prezidenti 'beýnä gan inmegi' zerarly ejir çekýär


Özbek prezidenti Yslam Kerimow

Özbek prezidenti Yslam Kerimow

Özbegistanda keselhana ýerleşdirilen we onuň nähili keselden näsaglandygy barada maglumat berilmeýän özbek prezidenti Yslam Kerimowyň intensiw bejergi bölüminde saklanylýandygyny we onuň “beýnisine gan inmegi” zerarly ejir çekýändigini onuň kiçi gyzy “Instagram” sosial ulgamyndaky tassyklanan sahypasynda ýaýradan beýanatynda aýtdy.

“Häzirki pursat onuň geljekki saglyk ýagdaýy barada islendik çaklamany öňe sürerden entek örän ir” diýip, Lola Tillýaýewa-Kerimowanyň 29-njy awgustda “Instagram” hasabynda çap edilen maglumatynda bellenilýär.

Rus, özbek we iňlis dillerinde çap edilen maglumatda prezident Kerimowyň 28-nji awgustda keselhana ýerleşdirilendigi we onuň “saglyk ýagdaýynyň kadaly hasaplanýandygy” aýdylýar.

Şeýle-de, maglumatda halka “spekulýasiýalardan gaça durmaga” we Kerimowlar maşgalasynyň şahsy durmuşyna hormat goýmaga çagyrylýar.

Bu beýanat 2014-nji ýylda düşürilen surat bilen birlikde paýlaşyldy. Şol suratda Kerimow we onuň aýaly Tatýana Kerimowa, Lola Tillýaýewa-Kerimowa, onuň adamysy we iki çagasy görülýär.

Özbegistanyň UNESCO-daky ilçisi Tillýaýewa-Kerimowa özbek prezidentiniň ikinji gyzydyr.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG