Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Facebook” ulgamyndan oýun muşdaklaryna hoş habar


“Facebook” ulgamyndan oýun muşdaklaryna hoş habar
“Facebook” ulgamyndan oýun muşdaklaryna hoş habar

Oýun bazarynda eýeleýän ornuny berkitmek isleýän “Facebook” sosial ulgamy oýun muşdaklary üçin täze bir platforma taýýarlaýar.

Täze platformada adaty kompýuterler bilen bilelikde IOS we Android üçin oýunlar hem hödürlenýär.

“Facebook” sosial ulgamy, munuň bilen baglanyşykly oýun ugrunda tanymal bolan "Unity" firmasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy.

Täze platformanyň beýlekilerden tapawudy - programmaçylara açyk bolmagydyr. Olar, “Facebook” ýa-da "Unity" oýun serişdelerinden peýdalanyp "2D", "3D", "VR" ýa-da "AR" kysymly öz oýunlaryny hem taýýarlap bilerler.

Programmaçylar 18-nji awgustdan 31-nji awgusta çenli platformanyň alfa wersiýasyna goşulyp, öz oýunlaryny taýýarlamaga hak gazanarlar.

XS
SM
MD
LG