Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan: Kerimowyň ornuny kim tutar?


Şawkat Mirziýaýew
Şawkat Mirziýaýew

78 ýaşly prezident Yslam Kerimow keselhana düşeli bäri Özbegistan howsalaly ýagdaýy başdan geçirýär. 29-njy awgustda kiçi gyzynyň Instagramda bildirmegine görä, Kerimow beýnä gan inmeden ejir çekýär.

Özbegistanda, Orta Aziýada we ondan uzaklarda hem köp adamlar Kerimow ölse ýa-da mundan soňra prezidentlige ýaramasa, näme bolar diýip, özlerine sorag berýärler. 1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň çökmegi bilen garaşsyzlyga çykan ýurdy dolandyryp gelen ýeke-täk lideriň ornuny indi kim tutar ýa onuň ýerine kim gelip biler?

Özbegistanyň konstitusiýasyna laýyklykda, eger prezident öz wezipesini ýerine ýetirip bilmese, onuň ygtyýarlylygyny üç aý möhlet bilen parlamentiň ýokarky palatasynyň başlygy - häzir köp tanalmaýan Nigmatulla Ýuldaşow öz üstüne almaly.

Giňräk alanyňda-da, bu ugurda ileri tutulýanlaryň sanawy uzyn däl. Ol diňe üç adamdan ybarat.

Köpleriň pikiriçe, mirasdüşer 2003-nji ýyldan bäri hökümete baştutanlyk edip gelýän 58 ýaşly Şawkat Mirziýaýew. Ol Kerimowyň watany Samarkant welaýaty bilen goňşy Jyzak welaýatyndan. Ony jyzakly tire-taýpalar goldaýarlar, Samarkantdakylaryň hem ony goldamagy ähtimal. Kerimowyň hassahana düşendigi baradaky ýeke-täk resmi beýanatyň Mirziýaýewiň ýolbaşçylygyndaky Ministrler kabinetinden berlendiginiň uly ähmiýete eýe bolmagy ähtimal.

Oruntutarlyk prosesinde tireler

Oruntutarlyk prosesinde tireler möhüm rol oýnarlar. Yzgytsyzlyk bilen höküm sürüp, başgaça pikirlenýänlere o diýen çydamlylyk görkezmän gelen Kerimow dürli tireleriň arasynda deňagramlylygy saklap, olary biri-birine garşy oýnatmaga gaty ökdedi.

Tankytçylaryň käbiri Mirziýaýewi pikirlenmekden agressiwlige ýakynrak diýip häsiýetlendirýärler. 1996-njy ýyldan 2001-nji ýyla çenli Jyzakda welaýat häkimikä onuň welaýatdaky ýagdaýdan zeýrenmäge milt eden azyndan bir daýhana fiziki taýdan hüjüm edendigi aýdylýar.

Özbegistanyň ýokary derejeli resmileriniň arasynda Mirziýaýewe "beýni" däl-de, "ýumruk" hökmünde garalýar. Munuň onuň prezident bolmagynyň öňüni bökdemezligi mümkin. Ýöne käbir synçylar, eger ol prezident bolsa, onda onuň hökümeti giňden tankytlanylýan Kerimowyň hökümetinden has repressiw bolar diýýärler.

Özbegistanyň soňky bäş ýyllykda öz konstitusiýasyna ownuk-uşak üýtgetmeleri girizip gelendigini bellemek gerek. Kagyz ýüzünde hem bolsa, käbir üýtgetmeler premýer-ministriň güýç-gudratyny artdyrdy. Munuň Mirziýaýew üçin gowy alamat, hatda goldaw bolmagy hem mümkin.

Ýöne Samarkant tiresi tirebaşy Ismail Jurabekowyň 1990-njy ýyllarda eden hereketleri sebäpli az-kem gözden düşdi. Jurabekow 1980-nji ýyllarda Kerimowyň Kommunistik partiýanyň hatarynda beýgelmeginde uly rol oýnady. 1990-njy ýyllarda ol hökümet wezipeleri we söwda eýeçilikleri bilen sylaglandy. Ýöne Jurabekow öz wagtynda artyk güýç-gudrata eýe boldy. Oba hojalyk ministri wezipesinden aýrylyp, pensiýa çykarylanyndan az wagt soňra, ýagny 1999-njy ýylyň fewralynda Daşkentde partladylan bombalarda onuň eli bar diýen myş-myşlar ýaýrady.

“Iň gudratly adamlaryň biri”

Bu partlamalardan soň ýene hökümete dolanyp gelen Jurabekow 2004-nji ýyla çenli hökümet işinde galdy. Ýöne Kerimowyň öz watany Samarkant tiresi bilen bolan gatnaşygy gowşap ugrady. Jurabekow syýasatdan we jemgyýetçilik işinden gyra çekileli bäri aradan köp wagt geçen hem bolsa, bu gatnaşygyň näderejede düzelendigi belli däl.

Kerimowyň ýerini almagy mümkin ýene bir adam maliýe ministri, 56 ýaşly Rustam Azimow. Azimow daşkentli we Daşkent tiresinden. Ol 1998-nji ýyldan bäri maliýe işleri bilen ilteşikli dürli hökümet wezipelerinde boldy.

Azimowa Mirziýaýewden has çylşyrymly şahsyýet diýlip garalýar. Onuň daşky dünýä bilen iş salyşmakda has köp tejribesi bar. Garaşsyzlygyň deslapky ýyllarynda Azimow Özbegistanyň Milli bankynyň daşary işjeňliklerine ýolbaşçylyk etdi. Ol Ýewropanyň Dikeldiş we ösüş banky bilen iş salyşmakda Özbegistanyň belli adamy.

Hökümdar bolmak ätimallygy o diýen ýokary bolmadyk üçünji kandidat Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy 72 ýaşly Rustam Inoýatow. 1995-nji ýyldan bäri bu komitete ýolbaşçylyk edip gelýän Inoýatow Özbegistanyň iň gudratly adamlarynyň biri hasaplanýar. Ol Daşkent tiresine degişli.

Hökümdarlyga getirýän adam

Köp adamlar ony Kerimowyň saglyk ýagdaýy ýaramazlaşan soňky ýyllarda möhüm rol oýnap geldi diýip hasap edýärler. Ony Kerimowyň uly gyzy Gülnaranyň döwlet işindäki roluny aşak düşürmek üçin alnyp barlan kampaniýada eli bar diýip güman edýänler hem ýok däl. Gülnara ondan ozal dünýäni aýlanyp ýören bir söwdagär aýal hasaplanýardy. Ýöne halkara telekommunikasiýa kompaniýalary bilen baglanyşykly korrupsion masgaraçylykda ady çykyp ugranyndan soňra Gülnaranyň öý tussaglygynda saklanýandygy aýdylýar. 2014-nji ýyldan bäri hem ol köpçülikde göze ilenok.

Inoýatowyň ýaşynyň uludygy onuň prezident bolmak ähtimallygyny gowşatsa-da, onuň täze hökümete geçiş prosesinde rol oýnamak mümkinçiligi ýok däl.

Inoýatowa hökümdar däl-de, beýlekileri hökümdarlyga getirýän adam diýip garalýar. Geçen on ýyllykda ondan alnandygy bilinýän diňe bir surat bar. Ol hem Hytaýyň howpsuzlyk resmileri bilen duşuşanda düşürilen surat. Onuň jemgyýetçilikde göze ilip ýörmegi halamaýandygy belli.

Ýöne onuň goldawy bolmasa, Özbegistanyň indiki prezidenti bolma ýa ýurdy kynçylyksyz dolandyrma mümkinçiligi hiç bir adamda ýok diýerlik.

Käbir habarlarda Inoýatowyň Mirziýaýew bilen gatnaşygynyň gowudygy aýdylýar. Şol sebäpden onuň Özbegistanyň geljekki prezidenti bolmakda Mirziýaýewi goldamagy mümkin. Ýene bir bellenmeli zat, Inoýatowyň güýç-gudratynyň Jurabekow syýasatdan çekileninden soňra pugtalanandygy. Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy Samarkant tiresiniň gowşak taraplaryna ýetik bolmaly.

Ikisi-de Daşkent tiresinden bolany üçin Inoýatow Azimowy goldar diýen pikir logika has ýakyn görünse-de, taýpa-tireleriň arasyndaky deňagramlylygy saklamak aňsat däl. Sistemany hem şu wagta çenli bir samarkantly prezident we daşkentli täsirli resmiler saklap geldiler. Şol sebäpden asudalygy saklamak üçin Azimowyň mährinden geçilmegi mümkin.

XS
SM
MD
LG