Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek: Janyndan geçen hüjümçi üç adamy ýaralady


Gyrgyz polisiýasy Hytaýyň ilçihanasynyň daşynda, Bişkek, 30-njy awgust, 2016.
Gyrgyz polisiýasy Hytaýyň ilçihanasynyň daşynda, Bişkek, 30-njy awgust, 2016.

Gyrgyzystanyň hökümetiniň aýtmagyna görä, janyndan geçen hüjümçiniň Hytaýyň ilçihanasyna eden terrorçylykly hüjüminiň netijesinde onuň özi ölüpdir we ilçihananyň üç işgäri ýaralanypdyr.

Gyrgyzystanyň premýer-ministriniň orunbasary Ženiş Razakow hüjümçiniň Hytaýyň ilçihanasyna sürüp, öz ulagyny partladandygyny aýtdy.

Gyrgyzystanyň Saglygy saklaýyş ministrligi hüjüm zerarly ýaralanan üç adamyň gyrgyz raýatlary bolup, keselhana düşendigini habar berdi.

Gyrgyzystanyň içeri işler ministrligi ýaralanan adamlardan biriniň bagban bolup işlän, 17 ýaşly oglandygyny we beýleki ikisiniň gyrgyz zenanlarydygyny mälim etdi.

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk ministrligi partlama boýunça derňew geçirilýändigini habar berdi. Derňewçiler hüjümde ulanylan awtoulagyň eýesini anyklamaga synanyşýandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG