Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Özbek prezidentiniň ykbaly nämälim galýar


Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow

Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow

Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimowyň ykbaly 30-njy awgustda hem nämälim galýar. Özbegistanyň hökümeti onuň anyklaşdyrylmadyk näsaglygy sebäpli keselhana düşendigi barada habar bermeginden iki gün geçensoň resmi maglumat bermediler.

Metbugatda gapma-garşylykly maglumatlar berilýär. “Fergana” täzelikler agentligi ady agzalmadyk çeşmesine salgylanyp, Karimowyň ýogalandygyny habar berdi. Beýleki habar çeşmeleri, şol sanda Orsýetiň “Interfaks” agentligi onuň diridigini habar berdi.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat-wekili Dmitriý Peskow Kremlde “hiç hili maglumatyň” ýokdugyny aýtdy, şeýle-de özbek prezidentiniň ölümi barada kommentariý bermegiň Moskwa üçin oňaýsyz bolup biljekdigini 30-njy awgustda belledi.

Özbegistanyň hökümetiniň 28-nji awgustda eden beýanatynda “78 ýaşly Karimowyň saglygynyň barlanmagy we bejerilmegi üçin belli bir wagt talap ediler” diýildi.

Karimowyň kiçi gyzy Lola Karimowa-Tillýaewa kakasynyň beýnisine gan inmesi sebäpli Daşkentde intensiw bejergi bölüminde saklanýandygyny we onuň “durnukIy ýagdaýda” bolandygyny Instagram ulgamy arkaly habar berdi.

Karimow 1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargamagyndan öň Özbegistana ýolbaşçylyk edip başlapdy.

XS
SM
MD
LG