Sepleriň elýeterliligi

Tähran: Hassa student Ewin türmesinden şertli boşadyldy


Omid Kokabee

Omid Kokabee

Eýranyň döwlet mediasy Tehasyň uniwersitetiniň studenti bolan eýranly raýatyň hassalygy sebäpli bäş ýyllyk tussaglykdan soň Ewin türmesinden boşadylandygyny habar berdi.

Hökümetiň eýeçiligindäki IRAN gündeliginiň Omid Kokabeeniň aklawçysyna salgylanmak bilen habar bermegine görä, sudýalar bendiniň 10 ýyllyk tussaglyk möhletiniň galan bölegini şertli tussaglykda geçirmegine kepil geçipdirler.

Aklawçy Saeed Halili Kokabee "gaýdyp türmä dolanmaz” diýdi.

Birleşen Ştatlarda Tehasyň uniwersitetinde bilim alan Kokabee 2011-nji ýylyň fewral aýynda tussag edilipdi. Eýranyň sudy ony “duşmançylykly ýurt bilen gatnaşykda” we “bikanun maliýe serişdelerini” kabul etmekde günäläpdi.

Nýu Ýorkda ýerleşýän Eýranda adam hukuklary boýunça halkara kampaniýasy Kokabeeniň böwregindäki çiş keselinden ejir çekýändigini we onuň türmede ençeme ýyllap degerli medisina kömegini alyp bilmändigini habar beripdi.

XS
SM
MD
LG