Sepleriň elýeterliligi

'Türkmen türmelerinde zor bilen ýitirim edilmeleri bes ediň!'


Türkmen türmelerinde dereksiz ýitenler

Türkmen türmelerinde dereksiz ýitenler

30-njy awgust Zor bilen ýitirim edilmeleriň pidalarynyň halkara günüdir. BMG zor bilen ýitirim edilmeleriň global problema öwrülendigini belleýär.

“Bir wagtlar harby diktaturanyň önümi bolan zor bilen ýitirim edilmeler şu günki gün içerki konfliktleriň çylşyrymly ýagdaýlarynda amala aşyrylyp, esasan garşydaşlar babatyndaky syýasy repressiýalar üçin ulanylýar” diýlip, BMG-nyň maglumatynda bellenýär.

Türkmen türmelerinde dereksiz ýitenleriň sanawyny ýöredýän “Olary diri görkeziň!” atly halkara kampaniýasy şu günki gün tussag edilenden soň ykbaly nämälim galýanlaryň tassyklanan sanynyň 87 adamdygyny, hakykatda olaryň sanynyň ýüzden geçýändigini aýdýar.

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanda dereksiz ýiten hasaplanýan tussaglaryň ýene biriniň ýogalandygy barada habar berildi.

“Olary diri görkeziň” atly kampaniýany alyp baran adam hukuklaryny goraýjy guramalar Zor bilen ýitirim edilmeleriň pidalarynyň halkara gününe gabatlap ýaradan beýannamasynda, türkmen türmelerinde dereksiz ýiten hasaplanan adamlaryň jesetleriniň soňky aýlarda garyndaşlaryna berilendigini aýadýar we olaryň örän gözgyny ýagdaýda bolandygyny habar berýär.

Ýuriý Jibladze

Ýuriý Jibladze

Kampaniýanyň guramaçylaryndan Ýuriý Jibladze Azatlyk radiosyna şeýle diýdi: “Iň soňky wakada Wekil Durdyýewiň jesedi awgustyň başynda garyndaşlaryna berildi. Ol 2002-nji ýylyň noýabr wakalary diýlip atlandyrylýan ýagdaýlardan soň ilkinji bolup tussag edilenleriň arasyndady. Şeýle-de, öňki polkownik Annadurdy Annasähedowyň jesedi şu ýylyň fewralynda garyndaşlaryna berlipdir. Biz näme üçin tussaglaryň jesetleriniň garyndaşlaryna berilmegine aýratyn üns berýäris? Sebäbi mundan ozal syýasy sebäplere görä tussag edilen adamlaryň jesetleri berilmändi. Jesetleriň berlip barlanmagy dereksiz ýitenleriň ykbaly barada ýeke-täk resmi tassyknama bolup durýar we sanawdaky onlarça adamyň ykbalyna, saglygyna diňe türkmen häkimiýetleriniň jogapkärdigini tassyklaýar”.

Türkmen hökümeti ýurtda syýasy tussaglaryň ýokdugyny aýdýar we we zor bilen ýitirim edilenleriň meselesini agzamaýar.

Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary bolsa türkmen türmelerinde onlarça adamyň dereksiz ýitendigini, olaryň köpüsiniň 2002-nji ýylyň noýabr aýynda şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşyk diýilýän wakalara gatnaşmakda aýyplanyp tussag edilen adamlardygyny aýdýarlar.

BMG-niň Baş assambleýasynyň dünýäniň dürli regionlarynda adamlaryň zor bilen ýitirim edilmegi bilen bagly ýagdaýlaryň artmagyna aladalanma bildirip, 2010-njy ýylda adamlary zor bilen ýitirim edilmeginden goramak boýunça halkara konwensiýasyny kabul etdi we 30-njy awgustda Zor bilen ýitirim edilmeleriň pidalarynyň halkara gününi bellemegi karar etdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG