Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerimowyň gyzy onuň "sagaljagyny' ýaňzydýar


Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimow. 26-njy aprel, 2016 ý. Moskwa
Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimow. 26-njy aprel, 2016 ý. Moskwa

Özbegistanyň döwlet telewideniýesiniň alyp baryjysy Garaşsyzlyk güni mynasybetli adatça prezident Yslam Kerimow tarapyndan edilýän gutlag çykyşynyň mazmunyny beýan etdi.

Özbek prezidenti Yslam Kerimowyň kiçi gyzy 78 ýaşly kakasynyň beýnisine gan inip keselhana düşeninden soň onuň diridigini çak etmäge esas berýän maglumatlary sosial media arkaly çap etdi.

Özbegistana uzak wagtlap ýolbaşçylyk eden Kerimowyň 28-nji awgustda keselhana düşendigi barada berlen resmi maglumatlar Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda onuň mirasdüşerleri baradaky çaklamalary tutaşdyrypdy.

Lola Kerimowa-Tillýaýewanyň Instagram sosial ulgamyndaky hasabynda ýazylan maglumatda halkyň “prezidentiň çalt gowulaşmagy üçin edýän gowy arzuwlaryna” sagbolsun aýdylýar.

Şeýle-de, maglumatda halkyň goldawy “biziň üçin bir dünýä barabar we men siziň ýürekden edýän gowy arzuwlaryňyzyň onuň saglygynyň gowuşmagyna ýardam edýändigine ynanýaryn” diýilýär.

Garaşsyz çeşmelerde Kerimowyň ýogalandygy barada habarlaryň peýda bolmagy bilen bir wagtda resmi çeşmeler dymýar. Özbegistany kimiň dolandyrýandygy nämälim galýar.

Merkezi Aziýanyň iň köp ilatly, ýagny 29 million çemesi ilaty bolan Özbegistan regionyň dört ýurdy, üstesine, Owganystan bilen serhetleşýär.

28-nji awgustda Kerimow keselhana ýerleşdirileli bäri 1-nji sentýabrda geçiriljek dabaralaryň gerimi çäklendirildi, şol sanda Daşkentde Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçiriljek konsert ýatyryldy.

Özbek prezidenti Yslam Kerimowyň ýok wagtynda, 31-nji awgustda premýer-ministr Şawkat Mirziýaýew ýurduň Sowet Soýuzyndan garaşsyzlygyny almagynyň 25-nji ýyl dönümini bellemek bilen baglanyşykly dabaralaryň başlanmagyna gözegçilik etdi.

29-njy awgustda Lola Kerimowa-Tillýaýewa kakasynyň beýnisine gan inmesi sebäpli Daşkentde intensiw bejergi bölüminde saklanýandygyny we onuň “durnukIy ýagdaýda” bolandygyny aýtdy.

“Fergana” täzelikler agentligi ady agzalmadyk çeşmesine salgylanyp, Kerimowyň ýogalandygyny 29-njy awgustda habar berdi. Beýleki habar çeşmeleri, şol sanda Orsýetiň “Interfaks” agentligi onuň diridigini habar berdi.

30-njy awgustda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow Kremlde “hiç hili maglumatyň” ýokdugyny aýtdy, şeýle-de, özbek prezidentiniň saglyk ýagdaýy barada kommentariý bermegiň Moskwa üçin oňaýsyz bolup biljekdigini belledi.

XS
SM
MD
LG