Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan öz hasabyna 188 adamy haja iberýär


Türkmenistanyň prezidenti 188 sany zyýaratçynyň Saud Arabystanyna gitmegine rugsat berdi, diýip türkmen mediasy habar berdi.

Türkmenistanly zyýaratçylaryň 5-26-njy sentýabrda Saud Arabystanyna etjek haj zyýaraty döwletiň hasabatyna we “Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň uçary arkaly amala aşyrylar.

Türkmenistan 2000-njy ýyllaryň başyndan bäri ýylda Mekgä 188 sany zyýaratçysyny iberýär. Saud Arabystanynyň zyýarata barýanlaryň sany boýunça Türkmenistan üçin göz öňünde tutan kwotasy birnäçe müň adamdan ybarat.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 2-nji maýynda Mekge şäherine baryp, Käbä haj zyýaratyny berjaý etdi.

XS
SM
MD
LG