Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan: 21 sany şübheli yslamçy söweşiji tussag edildi


Gazagystanyň howpsuzlyk güýçleriniň agzasy. Aktobe

Gazagystanyň howpsuzlyk güýçleriniň agzasy. Aktobe

Gazagystanyň häkimiýetleri ýurduň günbatar böleginde üç yslamçy söweşiji toparyň agzalary diýlip güman edilýänleriň tussag edilendigini aýdýarlar.

Gazagystanyň Milli Howpsuzlyk Komitetiniň 31-nji awgustda beren maglumatyna görä, häkimiýetler ýurduň günbatar regionynda 10 şübhelini we demirgazyk-günbataryndaky Aktobe sebitinde 11 şübhelini tussag etdiler.

Komitetiň maglumatynda aýdylmagyna görä, şübhelileriň jaýynda ýaraglar, partladyjy serişdeler we ýarag serişdeleri tapylandan soň, olar tussaghana alnyp gidildi.

Gazagystanyň Milli Howpsuzlyk Komiteti tussag edilen adamlaryň gürrüňi edilýän iki sebitde parahat ilatdan ýaşaýjylara we kanun goraýjy organyň işgärlerine garşy ençeme terroristik hüjümi amala aşyrmagy planlaşdyrypdyrlar.

Şu ýylyň iýun aýynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde yslamçy söweşijidigi aýdylýan 25 adamdan ybarat topar ençeme hüjümleri amala aşyrdy. Munuň netijesinde parahat ilatdan bäş ýaşaýjy we Gazagystanyň howpsuzlyk güýçleriniň üç agzasy heläk boldy.

XS
SM
MD
LG