Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ankara: Siriýadaky kürt söweşijiler bilen ýaraşyk ylalaşylmady


Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigi meseleleri boýunça ministri Ömer Çelik
Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigi meseleleri boýunça ministri Ömer Çelik

Ankara Siriýanyň demirgazygyndaky kürt milisiýa söweşijileri bilen ýaraşygyň baglaşylandygy baradaky maglumatlary ret edýär.

Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigi meseleleri boýunça ministri Ömer Çelik 31-nji awgustda eden çykyşynda Ankara “Türkiýe we kürt elementleriniň arasynda ok atyşygy bes etmek barada ylalaşyga gelnendigini hiç bir ýagdaýda kabul etmeýär” diýdi.

30-njy awgustda Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň metbugat-wekili Jon Kirbi (John Kirby) Birleşen Ştatlar tarapyndan goldanylýan Siriýadaky kürt söweşijiler bilen Türkiýäniň arasyndaky söweşleriň 12 sagatdan 18 sagada çenli togtadylandygyny aýtdy.

Şeýle-de, Kirbi “Waşington ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygyň dowam etmegini isleýär, şeýlelikde, Birleşen Ştatlaryň liderligindäki koalisiýanyň ähli agzalary ünsi “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerini ýok etmäge gönükdirip biler” diýdi.

XS
SM
MD
LG