Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň demokratlary FBI-a hat ugratdy


Senat Harry Reid

Senat Harry Reid

Birleşen Ştatlaryň Kongresinde demokratlaryň lideri senat Harry Reid we beýleki demokratlar ýurduň Federal derňew býurosundan (FBI) Orsýetiň kiber hüjümler arkaly Birleşen Ştatlaryň prezidentlik saýlawlaryny bulaşdyrmaga synanyşýan bolmagy mümkindigi baradaky aladalanmalary derňemegi soraýarlar.

“Duşmançylykly hökümetiň biziň erkin we adalatly saýlawlarymyzy işjeň bulaşdyrmaga synanyşmak perspektiwasy Sowuk Uruş döwründen bäri biziň demokratiýamyza abanýan iň uly howpdur” diýip, Reid FBI-yň direktory James Komeýe (James Comey) ugradan hatynda aýdýar.

Bu hat, FBI-yň ýurduň online ses bermek ulgamyna haker hüjüminiň edilendiginiň üstüni açandygy barada habarlar peýda bolansoň, 30-njy awgustda “New York Times” neşirinde çap edildi.

XS
SM
MD
LG