Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetden Türkiýä ilkinji çarter reýsi 4-5-nji sentýabrda ugradylar


Orsýetli syýahatçylar.
Orsýetli syýahatçylar.

Orsýetden Türkiýä ilkinji çarter reýsler 4-5-nji sentýabrda ugraýar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Turoperatorlar birleşiginiň (ATOP) direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Maýýa Lomidze mälim etdi.

28-nji awgustda Russiýa Federasiýasynyň premýeri Dmitriý Medmedew Orsýetden Türkiýä uçýan adaty bolmadyk reýslere girizilen gadagançylyklary aradan aýrandan soňra mümkin boldy.

ATOP-yň maglumatyna görä, “Inturist” kompaniýasy ilkinji Moskwa-Anataliýa maksatnamasyny 2-nji sentýabrda amala aşyrar. Ýöne ol çarter reýsi bolman, kada boýunça uçýan “Türkiýe howa ýollary” bilen ugradylar.

“Biz ýerleri Türkiýä kadaly gatnaýan hemişelik reýslere satýarys. Bu golaýda çarter reýsleri bolmasa gerek. Iş ýüzünde möwsümiň soňlanmagyna bir aý galdy. Hemmeler adaty reýslere aldylar, olar uçarlaryny çalyşmakçy däller” diýip, “Inturistiň” wekili aýdýar.

Türkiýä gatnaýan çarter reýsleriniň ýaňadan ýola goýlandygyny ATOP-yň beýleki bir topary-da aýtdy. Bilermenleriň bellemegine görä, sentýabr-oktýabr aýlaryndaky akym beýle köp bolmaz.

Bu işde tur operatorlar öz güýçlerine daýanyp, dürli sebitlerde çarter reýslerini ýola goýmak işine bil baglasalar gerek diýip, bilermenler aýdýarlar. Moskwa hem Sankt-Peterburga garanda, ýerlerde güýz aýlary dynç alyşa gitjekler az bolar.

28-nji awgustda Dmitriý Medmedew “RF hem Türkiýe aralygyndaky howa çarter gatnawlaryny ýatyrmak baradaky” kararyň üýtgedilmegi baradaky permana gol çekdi. Ol gadagançylyk 2015-nji ýylyň noýabrynda Türkiýäniň harby uçary Orsýetiň Cu-24 hüjüm ediji uçaryny Siriýany bombalap gelýärkä urup çykany üçin girizilipdi.

Şonda tur operatorlara Türkiýä dynç almaga gitjeklere bilet satmak gadagan edilipdi. Bu ýurda wizasyz düzgün hem ýatyrylypdy. Şeýle hem ençeme türk harydyna gadaganlyk girizilipdi.

30-njy iýunda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýip Erdogan bilen rus prezidenti W. Putin duşuşanlarynda, syýahatlary çäklendirmek düzgünini ýatyrmak hem Türkiýä gidýän çarter howa gatnawlaryny ýola goýmak baradaky permana gol çekipdiler.

Tur operatorlar Orsýetiň awiasiýa gullugynyň ýolbaşçylaryna Türkiýäniň kurort şäherlerine uçmak üçin arza berip başlapdylar. Orsýetiň turizm senagaty baradaky birleşiginiň çaklamalaryna görä, adaty reýslerden daşary gatnawlar ýola goýulsa, ol öňküsinden 20-30% arzan bolar. Muňa garamazdan, geljek iki aýyň dowamynda, Türkiýä gitjek orsýetliler beýle köp bolmaz.

XS
SM
MD
LG