Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan etrabyna edilen hüjümde sekiz adam öldi


Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň agzasy.
Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň agzasy.

Owganystanyň resmileri söweşijileriň Logar welaýatynyň etrap häkiminiň edarasyna hüjüm etmegi netijesinde azyndan sekiz adamyň, şol sanda azyndan alty “Talyban” söweşijisiniň öldürilendigini aýdýarlar.

Logar welaýat häkimi Mohammad Halim Fedaýeniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Çarh etrabynyň baş administrasiýasyna edilen hüjümden soň bolan çaknyşyklarda owgan howpsuzlyk güýçleri alty “Talyban” söweşijisini öldürdi.

Fedaýi çaknyşyklaryň 1-nji awgustda daňdan gürrüňi edilýän döwlet edarasynyň golaýynda bombaly ulagyň partladylmagy netijesinde başlaandygyny aýdýar.

Şeýle-de, ol iki sagat dowam eden çaknyşyklarda owgan howpsuzlyk güýçleriniň bir ofiseriniň ýaralanandygyny belledi.

“Talyban” hereketi öz söweşijileriniň etrap häkimini we başga-da 41 polisiýa ofiserini öldürendigini öňe sürdi.

XS
SM
MD
LG