Sepleriň elýeterliligi

Pakistan-Owganystan serhet geçelgesi gaýtadna açyldy


Çaman-Spin Boldak serhet geçelgesi.

Çaman-Spin Boldak serhet geçelgesi.

Pakistan iki hepdeden soň özüniň Owganystan bilen serhedini gaýtadan açdy. Pakistan-owgan serhedi bu sebitiň golaýynda geçirilen ýörişler döwründe owgan protestçileri Pakistanyň baýdagyny otlandan soň ýapylypdy.

1-nji sentýabrda irden Pakistanyň ýarym harby Serhet goşuny Owganystanyň Spin Boldak bilen Pakistanyň Çaman şäherçeleriniň arasyndaky serhet geçelgesini açdylar.

Çaman-Spin Boldak serhet geçelgesi häzirki wagt Owganystan bilen Pakistanyň arasyndaky iki sany resmi serhet geçelgäniň biridir.

Bu serhet geçelgeleri her gün serhediň beýleki tarapyndaky dogan-garyndaşlaryny görmek üçin geçýän müňlerçe adam tarapyndan ulanylýar.

XS
SM
MD
LG