Sepleriň elýeterliligi

Rýabkow: ABŞ-nyň sanksiýalary Eýrany böwetleýär


Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow.

Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow.

Birleşen Ştatlar Eýran bilen ýadro ylalaşygynyň belli bir bölegini amala aşyrýar, emma Birleşen Ştatlar tarapyndan Eýrana garşy girizilen birtaraplaýyn sanksiýalar öz güýjünde saklanyp galýar we olar Tähran üçin “uly böwet” bolmagyna galýar diýip, orsýetli ýokary derejeli diplomat rus neşirine beren maglumatynda aýtdy.

Tährana sapar edýän Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow 31-nji awgustda “TASS” neşirine beren maglumatynda Birleşen Ştatlaryň administrasiýasy geçen ýylky ylalaşykda göz öňünde tutulan ähli zady “başyndan soňuna çenli” amala aşyrdylar, “emma bu zatlar ondan öňe hereket etmedi” diýdi.

“Eýran bilen ylalaşyga gelinmezden ozal bar bolan we birtaraplaýyn diýlip atlandyrylýan sanksiýalaryň ählisi öz güýjünde saklanyp galdy. Bu birtaraplaýyn sanksiýalar uly böwet bolmagynda galýar. Dollarda baglaşylan ylalaşyklaryň islendigi Birleşen Ştatlaryň kontrol gulluklaryndan geçýär we olar bu ylalaşyklary duruzyp bilerler” diýip, Rýabkow aýtdy.

XS
SM
MD
LG