Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: Ýaragly güýçleriň ýene 820 agzasy işden boşadyldy


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan.

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi şu ýylyň 15-nji iýulynda bolan harby döwlet agdarylyşygy synanyşygynyň yzýany, ýurduň harbysyny arassalamagyň bir bölegi hökmünde türk guryýer we deňiz güýçlerinden ýene 820 sany adamyň işden boşadylandygyny aýtdy.

1-nji sentýabrda yglan edilen bu maglumatdan ozal, Ankara başa-barmadyk harby döwlet agdarylyşygy synanyşygyna gaýtawul hökmünde öz ýaragly güýçleriniň eýýäm müňlerçe işgärini eýeleýän wezipesinden boşadypdy. Olaryň arasynda ýokary derejeli generallar we adaty esgerler bar.

Şeýle-de, türk hökümeti başa-barmadyk harby döwlet agdarylyşygy synanyşygy bilen arabaglanyşygynyň bardygyny aýdyp, döwlet edaralaryndan 80,000 adamy işden boşatdy.

Ýewropa Bileleşigi we Birleşen Ştatlar Türkiýedäki bu tussag edilmeleriň we işden boşadylmalaryň aglabasynyň syýasy garşydaşlara gönükdirilendigini aýdyp, öz aladalanmalaryny beýan etdiler.

XS
SM
MD
LG