Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan özüniň “Tagt oýunlaryny” döredýär


Gazagystandaky täze filmden bir pursat
Gazagystandaky täze filmden bir pursat

Olarda şeýle filmler tapgyryny döretmek zerurlygy rus prezidenti Wladimir Putiniň çykyşyndan soň ýüze çykan bolsa gerek.

Şol wagtyň özünde Amerikanyň “Tagt oýunlary” (iňlisçe Game of Thrones) filmler tapgyry görkezilýär. Fentezi žanrynda döredilen ol kartinalar tomaşaçylaryň diýseň göwnünden turdy. Bu film HBO kabel telekanaly üçin alynýar. Ol entek doly alnyp gutarylanok. Ýöne prodýuserler onuň sekiz möwsüm bilen çäklenjekdigini aýdanda, tomaşaçylar toplumy muňa örän gynandylar.

Gazagystanyň ýaşaýjylary bolsa bu ýurduň öz “köşk oýunlaryny” döretmegine girişendigini eşidip, begenen bolsalar gerek. Ýöne onuň ady “Gazak ili” bolar.

Režisýor Rustam Abdraşew “Gazak ili” filminiň düşüriliş işi wagtynda.
Režisýor Rustam Abdraşew “Gazak ili” filminiň düşüriliş işi wagtynda.

Täze tele tapgyrlar XV asyryň, gazak hanlyklarynyň emele gelen döwrüniň wakalaryny beýan edýär. Filmleriň döredilmegi üçin çykdajyny hökümet öz üstüne aldy.

Şeýle etmek bilen Gazagystanyň hökümeti gazak halkynyň köp asyrlap öz topragynyň eýesi bolandygyny ýatlatmak isleýär.

Ol wakalary ýada salmak zerurlyk Orsýet prezidenti Wladimir Putynyň çykyşyndan soň dörän bolsa gerek diýip, Bi-bi-ci Rus Gullugy ýazýar. 2014-nji ýylda Putin Gazagystanyň häzirki lideri Nursoltan Nazarbaýew bu döwleti döredýänçä, gazaklaryň öz hususy döwleti bolmandyr diýen pikiri aýdypdy.

Ýurtda köp adam Putiniň ýaňsyly sözüni Gazagystanyň milli Garaşsyzlygyna bir howp diýip düşündi.

Çeşme: eurtransianet.org

XS
SM
MD
LG