Sepleriň elýeterliligi

Özbegistanyň "Kerimowdan soňky döwri" geldi


Yslam Kerimow

Yslam Kerimow

Özbegistanda ahyrsoňy iň soňky sagatlar gelip ýetdi. 25 ýyl garaşsyzlykdan soňra özbekler ilkinji gezek Yslam Abduganaýewiç Kerimow tarapyndan dolandyrylmaýan bir ýurtda ukudan oýanýarlar.

Bu diasporadaky köp adamlaryň we oppozisiýanyň ýyllar boýy küýsäp gelen, analizçilerden we meniň ýaly akademiklerden haçan gelerini çaklamagy haýyş edilen gün. Sebäbi dünýäniň iň berk ornan awtoritar režimleriniň birinde syýasy çalşygyň mümkin - belki-de ýeke-täk - ýoly Kerimowyň ahyrsoňy tebigatyň kanunyna boýun boljakdygy bellidi.

Uzak ýyllaryň dowamynda özbek dostlarym bilen geçiren gepleşiklerimde, olaryň öz maşgala agzalaryny haçan görüp biljekdigi, daşary ýurtlara sapar etmegi, söwda işine başlamagy, çet ýurtlarda okamagy barada gürrüň edileninde, bu gepleşikleriň näçesiniň "belki, Kerimow öleninden soňra..." diýen sözler bilen gutarýany sanardan köp. Özbegistan dünýäden üzňeleşip, ykdysadyýeti we jemgyýeti berk kontrollyk astyna düşdügiçe bu zatlar-da ýetip bolmajak arzuwlara ýa-da köp adamlar üçin gorkuly ýagdaýlara öwrüldi.

Birnäçe hepde mundan ozal bir özbek dostum bilen günorta Gyrgyzystanda tikenli simler bilen gurşalan özbek serhediniň golaýyna maşynly baryp, eli ýaragly garawullardan aňry tarapa seretdik. Biziň ikimiz hem birnäçe ýyllap Daşkentde ýaşan adam.

Daşkente gitmegi nähili küýseýändigimiz hakda gürrüň edemizde dostum ýylgyryp: "Kerimow öleninden soňra..." diýdi. Bu gün täze döwrüň duýdansyz gelen güni, ýöne nämeler üýtgärkä? Häzirki wagtda bu zatlary çaklamak üçin näçe pikir edilse-de, 78 ýaşly Kerimowyň ölüminiň yzysüre onlarça makala ýazylyp, onuň orununa kimiň geçjekdigi we gowşak reginonyň iň köp ilatly ýurdunyň geljegi üçin mümkin ugurlar hakda welilik satylsa-da, adamy gynandyrýan hakykat – bizde bar bolan pikirleriň gaty azdygy.

Köp bilermenleriň bize gorkmaly diýip duýduran hakykaty gelip ýetdi. Kerimow bir "mirasdüşer" saýlaman ýa oruntutar hakda belli bir ýoly görkezmän dünýäden ötdi. Onuň ýolbaşçylygynda dörän sistemadan köp ünsi onuň özüne gönekdiren adamlar munuň agyr netijeleri bolar diýip, köpden bäri duýduryş berip gelýärler.

Çaklanylyşyna görä, Kerimowyň kontrollyk astynda saklap gelen yslamçylary üznüksiz "gaýnap" duran Fergana jülgesinde joşup ýokary göteriler ýa-da ýurduň dürli "tireleriniň" arasynda uruş turar. Syýasy maşgala gatnaşygy bolmadyk ýetim oglan hökmünde sowet döwleti tarapyndan ýetişdirilen Kerimow bulary biri-birine garşy oýnadyp, "ökdelik bilen deňagramlygy saklapdy".

Bu aýdylýan gürrüňler hakykata az-kem laýyk bolsa-da, bularyň ikisi-de özlerini dolandyryp bilerler diýip Özbegistanyň halkyna ynam edip bolmaz diýilýän gürrüňi aklamak üçin ulanylan ertekiler. Bular syýasy alym Alana Ledenowanyň Putiniň Orsýeti diýip atlandyran sistemasynyň Özbegistan wersiýasynyň esasyny düzýän ertekiler. Kerimow gitýär. Ýöne onuň portretiniň her bir klasda we edarada adamlaryň depesinden gözläp duran döwründe döredilen giň howpuzlyk döwletiniň we berk syýasy ykdysadyýetiň onuň bilen ölüp gitmezligi ähtimal.

Larry Markowitz we Skott Radnitz ýaly Merkezi Aziýa boýunça ekspert alymlar Özbegistanda döredilen syýasy ykdysadyýetiň bazarda emele getirýän merkezleşdirilen döwlet we ygrarlylyk babatynda goňşularyňkyň tersidigini suratlandyrdylar. Bu syýasy ykdysadyýet howpsuzlyk gulluklary tarapyndan goralyp, ýerli aktýorlar oňa tabyn bolmakdan boýun gaçyran halatynda, olara temmi berlip jezalandyrylýar. Ilerlemek üçin mümkinçilikler köp däl. Galan elitanyň, Kerimow bolsa-bolmasa-da, özüniň bähbit görýän syýasy ykdysadyýetini üýtgetmek ähtimallyg ýokary däl. Ýurdy gurşap alan howpsuzlyk organlarynyň mümkinçilikleri hiç kimiň olara garşylyk görkezerlik ýagdaýda däldigini aňladýar.

Jyzak regionynda kiçeňräk işewür bolan Aramais Awakianyň iki sany howdany bardy. Ol howdanlarynda balyk ýetişdirmek bilen güzeranyny gowalandyrmaga synanyşýar. Bu işde az-kem üstünlik hem gazanýar. Ýöne bir gün ýerli etrap häkimi gelip, ondan ýerini öz adyna geçirmegi talap edýär. Awakian bu işden boýun gaçyrýar. Ondan az wagt soňra polisiýa "Yslam döwletini" goldaýanlykda aýyplap, Awakiany tutýar.

Aklawçysy bilen maşgalasynyň aýtmagyna görä, Awakiana özi bilen ähli işgärleriniň "Yslam döwletiniň" hökmüti agdarmagy niýet edinen gizlin bölümidigini urup-ýenjip "boýun aldyrýarlar". Bu gürrüňleriň geň tarapy, Awakian asla musulman däl. Onuň dini hristiýan, milleti ermeni. Ýöne bu Özbegistanda uzak ýyllaryň dowamynda kök uran sistemanyň ony yslamçy edip, ençeme ýyllap türmä basmagnyň öňüni bökdäp bilenok.

Onsoň galýan Sistema, ine, şu. Ony Kerimow bolsa-bolmasa-da ýütgetmek ähtimallygy ýokary däl. Syýasy alym Erik MkGlinçeýiň üstümizdäki ýylyň başlarynda aýdyşy ýaly "Özbegistanyň häkimiýet başyndaky gatlagynyň maliýe baýlygynyň çeşmesi bolan awtoritar režimi saklap galmagy üçin, güýçli itergileri bar". Bu režimi goldaýan howpsuzlyk oranlary – köp adamlar onuň gudratynyň köp wagt mundan ozal Kerimiwyň gudratyndan hem artandygyny aýdýar. Olar bolmasa, yslamçylar güýçlenip, ýurdy ýuwudar, ol ýerden hem tutuş regiony gurşap alar diýen delillere esaslanýar.

Biz öňümizdäki hepdelerde wakalaryň haýsy ugra gönükýänini, aýratyn-da köp özbekleriň gündelik durmuşda üýtgeme bolar diýip edýän umydynyň başa baryp-barmazlygyny göreris. Ýöne başga mümkinçilikler-de bar. Geçen 25 ýyllykda özbeklere özleriniň nämediklerini bilmekleri üçin asla pursat bolmady.

Noah Taker "Registan.net" neşriniň baş redaktory we Jorj Waşington uniwersitetiniň halkara gatnaşyklary baradaky Elliot mekdebiniň Merkezi Aziýa programmasynyň işgäri.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG