Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Reuters, Interfaks Kerimowyň ýogalandygyny habar berýär


Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimow
Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimow

Özbegistanyň hökümeti prezident Yslam Kerimowyň ýagdaýynyň agyrdygyny aýdyp, 2-nji sentýabrda beýannama ýaýratdy, şol bir wagtda-da Reuters agentligi adyny agzamadyk üç diplomatik çeşmesine salgylanmak bilen Kerimowyň ýogalandygyny habar berdi.

Günüň dowamynda Orsýetiň Interfaks agentligi özbek hökümetine salgylanyp, prezident Kerimowyň aradan çykandygyny habar berdi.

Özbek hökümetiniň “Halk sözi” atly resmi gazetinde irden çap eden maglumatynda Kerimowyň beýnisine gan inip, 27-nji awgustda keselhana düşendigi aýdylýar we soňky 24 sagadyň dowamynda onuň ýagdaýynyň “görnetin ýaramazlaşandygy hem-de doktorlar tarapyndan agyr diýlip hasaplanylýandygy” habar berildi.

Reuters agentligi Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň Hytaýa etjek saparyny ýatyryp, 3-nji sentýabrda Özbegistana berjakdygyny habar berdi.

Kerimowyň dogduk şäheri bolan Samarkandyň merkezinde köçeleriň ýapylyp, arassalaýyş işleriniň we käbir gurluşyk işleriniň geçirilýändigi belli boldy.

Samarkandda “Çorraha” metjidiniň golaýynda käbir işler amala aşyryldy.

Howpsuzlyk gulluklarynyň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, premýer-ministr Şawkat Mirziýaýew şähere barypdyr.

XS
SM
MD
LG