Sepleriň elýeterliligi

Peşawaryň hristian etrapçasyna hüjüm edildi


Peşawaryň hristianlaryň ýaşaýn etrapçasy, 2-nji sentýabr, 2016

Peşawaryň hristianlaryň ýaşaýn etrapçasy, 2-nji sentýabr, 2016

Pakistanyň häkimiýetleri 2-nji sentýabrda ýaragly adamlaryň Peşawaryň etegindäki Warsak Dam atly ýeriň golaýynda hristianlaryň ýaşaýan etrapçasyna hüjüm edendigini aýtdy.

General-leýtenant Asim Bajwa hüjümçileriň arasynda azyndan dört sany janyndan geçen hüjümçiniň bolandygyny we harbylaryň “dessine jogap berip”, dört hüjümçiniň ählisini öldürendigini habar berdi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Pakistan gullugynyň habarçysynyň aýtmagyna görä, hüjümde bir raýatyň wepat bolan bolmagy mümkin.

Hüjüm Peşawaryň harbylaryň çagalary üçin mekdebiň golaýynda ýüze çykdy. Bu mekdebe “Talybanyň” 2014-nji ýylda eden hüjümi zerarly 150-den gowrak adam, aglabasy çagalar wepat bolupdy.

XS
SM
MD
LG