Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet ABŞ-nyň täze sanksiýalarynyň täsirine garaşmaýar


Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow
Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow

Orsýetiň resmileri ABŞ-nyň 1-nji sentýabrda yglan eden we Orsýetiň Ukrainadaky agressiýasyna gatnaşygy bolan 37 adama we şirkete gönükdirilen täze sanksiýalaryň ýetirip biljek täsirine uly ähmiýet bermediler.

Orsýetiň 2014-nji ýylyň mart aýynda Ukrainadan bikanun bölüp öz düzümine goşan Krym ýarymadasynda köpriniň gurluşygyna ýardam berýän kompaniýalar hem sanksiýalar sanawynda görkezilýär. Emma olar sanksiýalaryň özlerine täsir etjegine garaşmaýandygyny aýdýarlar.

Orsýetiň ykdysady ösüş ministri Alekseý Lihaçýow Wladiwostokda geçýän Gündogar ykdysady forumynda TASS agentligi bilen söhbetdeşliginde sanksiýalaryň täsiriniň “minimal” boljagyny belledi, şeýle-de sanksiýalaryň “duşmançylykly äheňine” Orsýetiň “gynanýandygyny” aýtdy.

Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow sanksiýalary meseläni çözmek ugrundaky “petige direlýän ýol” diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG