Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ÝHHG: Prezidentlik möhleti uzaldylmasa gowy


Türkmenistanyň Baş kanuny, 2007 ý.

Türkmenistanyň Baş kanuny, 2007 ý.

ÝHHG Türkmenistanyň täze Konstitusiýasynyň taslamasy barada uly göwrümli kommentariý çap etdi.

Kommentaride Konstitusiýanyň proýektine täze 30 maddanyň goşulandygy, köp sanly oňyn düzedişiň bardygy bellenilýär.

Şol bir wagtda, Konstitusiýanyň taslamasynyň käbir düzgünleriniň adam hukuklary babatdaky halkara ölçeglerine o diýen gabat gelmeýändigi aýdylýar.
Mysal üçin, dini ýa-da milli esaslardaky partiýalaryň gep-gürrüňsiz gadagan edilmegi baradaky düzgüniň aýrylmagy maslahat berilýär.

Şeýle-de, Konstitusiýanyň proektinde adamyň islendik ýagdaýdakydoly we üýtgewsiz hukuklary hem esasy azatlyklary barada anyk ýazylmagy, şeýle hukuklaryň çäklendirilip biljek halatlarynyň mümkin boldugyndan jikme-jik görkezilmegi maslahat berilýär.

Mundanam başga, sudlaryň we kanunçylyk organlarynyň garaşsyzlygynyň üpjün edilmegi üçin, Baş kanunyň sud häkimiýetlerine degişli düzgünleriniň kämilleşdirilmegi maslahat berilýär.

Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek adam hukuklaryny goramak baradaky organyň – Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň, Ombudsmanyň wezipesiniň döredilmegi barada aýdylanda, garaşsyzlygyny üpjün etmek üçin, Konstitusiýanyň proýektinde onuň rolunyň, funksiýasynyň, ygtyýarlygynyň, funksional immunitetiniň, maliýeleşdirilişiniň we hasabatlylygynyň has anyk görkezilmegi maslahat berilýär.

Şeýle-de, Baş kanunyň taslamasyna Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň wezipä bellenmegi we bu wezipede bolmaly möhleti barada täze düzgüniň girizilmegi maslahat berilýär.

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň türkmen konstitusiýasynyň taslamasy baradaky kommentariýasynda Türkmenistanyň prezidentiniň prezidentlik möhletini ýedi ýyla çenli uzaltman, 5 ýyl möhletinde galdyrmak, şeýle-de onuň gaýtadan saýlanmak hukuky barada anyk çäklendirmeleri girizmek maslahat berilýär.

Mundanam başga, prezident bilen parlamentiň arasynda funksiýalaryň bölüşilmegini has anyk formirlemek maslahat berilýär.

Şeýle-de, prezidentiň ygtyýarlygynyň beýleki döwlet wezipeleri bilen garyşdyrylmazlygy meselesine, onuň kommersiýa işlerine ýa beýleki islendik döwlet, jemgyýetçilik we ykdysady işjeňliklerine gatnaşmagynyň, ýa-da syýasy partiýa ýolbaşçy bolmagynyň bir ýere sygmaýandygy baradaky meseläkonstitusiýa derejesinde seredilmegi zerur diýip, dokumentde aýdylýar.

ÝHHG-nyň ekspertleri Türkmenistanyň täze Konstitusiýansynyň taslamasynda metbugat we habar serişdeleriniň azatlygy hakynda gürrüň edilmeýändigini belläp, senzuranyň gutarnykly gadagan edilmegini maslahat berýärler.

«39-njy madda Türkmenistanyň territoriýasynda hereket we ýaşaýyş azatlygyny kepillendirýär, emma Konstitusiýanyň proektinde her bir adamyň islendik ýurtdan, şol sanda öz ýurdundan gitmek azatlygy, şeýle-de hiç bir adamyň öz ýurduna dolanyp gelmekden mahrum edilip bilinmejekdigi baradaky ýörelge ýatlanylmaýar.

Türkmenistanyň Baş kanunynyň proektine berlen analiz we düşündiriş Wengriýanyň Peç uniwersitetiniň Ýuridiki fakultetiniň konstitusiýa kanuny bölüminiň dosenti, ylymlaryň doktory Timeu Drinoçiniň gatnaşmagyna taýýarlanypdyr.

Adam hukuklaryny goraýan «Türkmen inisiatiwasy» topary Türkmenistanyň 14-nji sentýabrda täze Konstitusiýany kabul etmäge taýýarlanýandygyny, 19-njy sentýabrda bolsa, Türkmenistanyň DIM-niň delegasiýasynyň ÝHHG-nyň konferensiýasyna gelmegine garaşylýandygyny habar berýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG