Sepleriň elýeterliligi

Aktobe: Orsýetde terrorçylykly hüjüme çagyran gazagystanla iş kesildi


Aktobe şäheriniň sudy, Gazagystan, 2-nji sentýabr, 2016

Aktobe şäheriniň sudy, Gazagystan, 2-nji sentýabr, 2016

Gazagystanyň demirgazygyndaky Aktobe şäheriniň sudy goňşy Orsýetde terrorçylykly hüjümleri amala aşyrmakda aýyplanan adamy tussaglyga höküm etdi.

Suduň 2-nji sentýabrda yglan eden kararyna görä, 1982-nji ýylda doglan Almas Abdiraýew dört ýyl we sekiz aý türme tussaglygyna höküm edildi.

Sud Abdiraýewiň özüniň iki tanyşyny Orsýetiň “Siriýadaky harby operasiýalaryna jogap bermek üçin” Orsýetde terrorçylykly hereketleri gurnamaga ündejek bolandygyny aýtdy.

31-nji awgustda gazak häkimiýetleri Aktobe regionynda 11 yslamçyny tussag edendigini habar berdiler.

Iýun aýynda hökümet yslamçy söweşiji bolmakda güman edilýän 25 adamdan ybarat toparyň Aktobede bäş raýatyň we Gazagystanyň howpsuzlyk güýçleriniň üç agzasynyň ölümine sebäp bolan birnäçe hüjümi amala aşyrandygyny habar berdi.

Topara garşy çäre gören howpsuzlyk güýçleri 18 ýaraglyny öldürdiler we ýedisini ele saldylar. Olar terrorizm bilen bagly aýyplamalar esasynda suda garaşýarlar.

XS
SM
MD
LG