Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek: 1916-njy ýylyň gyrgynçylygynyň pidalarynyň ýadygärligi açyldy


1916-njy ýylyň gyrgynçylygynyň pidalarynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy, Bişkek, 2-nji sentýabr, 2016
1916-njy ýylyň gyrgynçylygynyň pidalarynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy, Bişkek, 2-nji sentýabr, 2016

Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew 1916-njy ýylda patşalyk Orsýetiň gyrgyzlary gyrgyna bermeginiň pidalarynyň ýadygärligini açdy.

Atambaýew 2-nji sentýabrda Bişkekde geçirilen dabarada eden çykyşynda şol wakalary “ata watany gorap saklamak boýunça milli azat ediş gozgalaňy we azatlyk ugrundaky göreş” diýip atlandyrdy.

Atambaýew Gyrgyzystanyň we Orsýetiň umumy taryhynyň hem-de bilelkdäki gelejeginiň bardygyny aýtdy.

Birinji Jahan Urşunyň dowamynda Orsýet Merkezi Aziýanyň ýerli halklaryny garym gazmak we böwet dikmek ýaly işleri berjaý etmek üçin ýaragsyz işçi güýji hökmünde goşuna almagy karar edipdi.

Gyrgyzlaryň we gazaklaryň ençemesi muňa garşy çykypdy we Orsýetiň häkimiýetlerine açyk garşylyk görkezipdi.

Orsýet patyşalygynyň jezalandyryjy harby bölümleri tarapyndan öldürilen gyrgyzlaryň sany 100 we 270 müň aralygynda hasaplanylýar. Ýene ýüzlerçe müň adam goňşy Hytaýyň Ksinjiang regionyna göçüp gidipdi.

Geçen aýda Gyrgyzystanyň jemgyýetçilik komissiýasy 1916-njy ýylyň köpçülikleýin gyrgynçylygyny genosid diýip yglan etdi.

Aprel aýynda Orsýetiň Döwlet Dumasynyň başlygy Sergeý Naryşkin gozgalaňlara genosid hökmünde garalmagyndan ýüz öwrüp, “100 ýyl öň ähli halklaryň ejir çekendigini” aýdypdy.

XS
SM
MD
LG