Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow Kerimowyň ölümi sebäpli Gyrgyzystana saparyny ýatyrdy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, özbek prezidenti Yslam Kerimowyň ölümi bilen baglylykda, özüniň Gyrgyzystana etmeli planlaşdyrylan saparyny ýatyrdy. Bu barada rus metbugaty habar berýär.

Maglumata görä, prezident G.Berdimuhamedow 3-4-nji sentýabr aralygynda Gyrgyzystanda geçýän 2-nji Bütindünýä Çarwa oýunlaryna gatnaşmaly eken. Emma, türkmen lideriniň Kerimowyň Samarkantda geçýän jynazasyna gatnaşýandygy sebäpli, onuň Gyrgyzystana edýän sapary ýatyrylypdyr.

Şol bir wagtda, türkmen mediasy G.Berdimuhamedowyň Özbegistana sapary barada dymýar.

Prezident Yslam Kerimow 3-nji sentýabrda jaýlanýar. Hökümet awtoritar lideriň bir gün ozal, beýnisine gan inmeginden ýogalandygyny aýtdy.

78 ýaşynda ýogalan Kerimow öz dogduk şäheri Samarkantda, Daşkentden 300 km çemesi günorta-günbatarda jaýlanylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG