Sepleriň elýeterliligi

Putin: OREK nebit önümçiligini doňdurmakda ylalaşmaly


 Wladimir Putin

Wladimir Putin

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Orsýet bilen OPEK guramasynyň, nebit öndürýän ýurtlaryň birleşiginiň, nebit bahasyny ýokarlandyrmak üçin, nebit çykarmagy azaltmakda ylalaşmagyny isleýändigini aýtdy.

Ol bu meselede Eýranyň gatnaşygynyň hem çözülmegine bil baglaýandygyny bildirdi.

“Ykdysady we logiki nukdaý nazardan, soň bu nähilidir bir eglişige gelmek üçin düzedilip biler» diýip, Putin Blumberg habarlarynda 2-nji sentýabrda çap edilen söhbetdeşliginde aýtdy.

“Men muňa hemmeleriň düşünýändigine ynanýaryn. Biz munuň dünýä energiýasy üçin dogry karardygyna ynanýarys."

Putiniň bu sözleri Orsýetiň energiýa ministriniň golaýda eden beýanatyna garşy gelýär, ol 2-nji sentýabrda nebit bahalaryny ýokarlandyrmak üçin nebit önümçiligini azaltmagyň zerur bolmazlygynyň hem mümkindigini aýdypdy.

XS
SM
MD
LG