Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: bomba hüjümi onlarça adamy öldürdi


 Mardandaky partlamanyň pidasy

Mardandaky partlamanyň pidasy

Demirgazyk-günbatar Pakistanda etrap suduna edilen hüjümde azyndan 13 adam öldi, 50 adam bolsa ýaralandy.

Haýber Paktunkwa welaýatynyň Mardan etrabynyň halas ediş edarasynyň başlygy Haris Habib 2-nji sentýabrda polisiýa işgärleriniň, aklawçylaryň we beýlekileriň jesetleriniň bir ýere toplanandygyny aýtdy.

Habarlarda aýdylmagyna görä, hüjümçi ilki suduň girelgesine granat zyňyp, soňra esasy derwezede özüni partladypdyr.

Ýaraly bolanlaryň käbiriniň ýagdaýynyň agyrdygy aýdylýar. Ekstremist musulman topary bolan«Jamat ul-Ahrar», pakistan «talybanynyň» bir bölegi bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif bu hüjüm biziň terrora garşy aýgytly söweşimizi gowşatmaz diýdi.

XS
SM
MD
LG