Sepleriň elýeterliligi

Prezident Obama Hytaýa geldi


 Prezident Barakk Obama

Prezident Barakk Obama

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama G20 sammitine gatnaşmak üçin Hytaýa geldi. Bu onuň prezident hökmünde Aziýa edýän soňky sapary bolar.

Prezidentiň uçary 3-nji sentýabrda gündogardaky Hanžou şäherinde gondy. Bu şäherde senagatlaşan we ykdysady taýdan güýçlenýän ýurtlaryň 20-ler toparynyň sammiti geçirilýär.

Obama bu saparyny özüniň klimat özgermesi boýunça eden işlerine ünsi çekmek üçin ulanar öýdülýär. Ol bu temadan günüň ahyrynda, hytaýly kärdeşi Si Jinping bilen duşuşmazyndan öň çykyş etmeli.

Iki lider öz ýurtlarynyň Pariž ylalaşygyna, kömürturşy gazlaryň azaldylmagyna we global maýlamanyň öňüniň alynmagyna resmi taýdan goşulýandygyny yglan eder diýip garaşylýar.

Şeýle-de Obama, sammitiň gapdalyndan, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen duşuşmagy planlaşdyrýar.

Bu olaryň iýulda Türkiýede bolan başa barmadyk agdarylyşygy synanyşygyndan soň ilkinji duşuşygy bolar.

Obama 20-ler toparynyň sammitinden soň Laosa, Günorta-gündogar Aziýa ýurtlarynyň bileleşiginiň sammitine gatnaşmaga gider.

XS
SM
MD
LG