Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa Ankarany köşeşdirmäge çalyşýar


 Frank-Walter Steinmeier
Frank-Walter Steinmeier

Germaniýa 2-nji sentýabrda parlamentiň 1-nji Jahan urşy döwründe Osman imperiýasynyň bir ýarym million ermenini öldürmegini genosid diýip jar etmek baradaky karary sebäpli türk gaharyny ýumşatmagyň çäresini görýär.

Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier we beýleki ýokary derejeli resmiler bu ses berişligiň diňe kanun çykaryjylaryň pikirlerini aňladýandygyny, onuň kanuny hökmanylygynyň ýokdugyny aýtdylar.

Türkiýe osmanly güýçleri bilen çaknyşykda hristian ermenileriň köpüsiniň ölendigini tassyklaýar, emma bu gyrgynçylygyň bilkastdan edilen gyrgyn, genosid hökmünde görkezilmegine garşy çykýar.

Ankara iýun aýynda Bundestagda bolan ses berişlige jogap edip, german kanun çykaryjylarynyň Türkiýäniň Injirlik howa bazasyna, ol ýerde gulluk edýän 250 nemes harbysynyň ýanyna sapara barmagynyň öňüni baglady.

XS
SM
MD
LG