Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: sil we ýyldyrym 4 adamy öldürdi


Sil
Sil

Demirgazyk Eýranda ýyldyrym urmagyndan we sil joşgunyndan azyndan 4 adam heläk boldy.

Bu barada döwlet mediasy habar berýär.

IRIB döwlet telewideniýesiniň saýty silde bir maşgalanyň agzalarynyň, ene biolen atanyň we olaryň bir çagasynyň gark bolandygyny aýtdy.

Olar Golestan welaýatyndaky derýanyň boýunda, 2-nji sentýabrda heläk bolupdyr.

Şol welaýatda bir 70 ýaşly aýal bolsa, oba daşynda işläp ýörkä ýyldyrym urmagyndan wepat bolupdyr.

XS
SM
MD
LG