Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow: Kerimowyň ady Türkmenistanda meýdançalara dakylar


Özbegistanyň ilkinji prezidenti Yslam Kerimowyň ady Türkmenistanda meýdançalara we skwerlere dakylar.

Bu sözleri şenbe güni, 3-nji sentýabrda Özbegistana baryp, ozalky kärdeşi Yslam Kerimowyň Samarkant şäherinde guralan hoşlaşyk çäresine gatnaşan türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Prezident Berdimuhamedow ýas çäresinde çykyş edip, Özbesgistanyň ilkinji prezidenti Yslam Kerimowyň "biwagt aradan çykanlygy sebäpli", türkmen halkynyň adyndan, doganlyk özbek halkyna çuňňur gynanç bildirdi.

"Ol öz halkyny, öz watanyny çyn ýürekden söýdi we onuň abadançylygy, gülläp ösmegi üçin örän kän iş etdi" diýip, prezident Berdimuhamedow aýtdy.

Şeýle-de ol Kerimowyň iň kyn günlerde Özbegistanyň garaşsyzlygynyň gözbaşynda durandygyny belledi.

Türkmen lideri öz sözüniň dowamynda Yslam Kerimowy "hakyky watançy, beýik syýsatçy we döwlet işgäri" hökmünde häsiýetlendirdi.

Berdimuhamedow Yslam Kerimowyň praktiki halkara inisiatiwalarynyň tas hemmesiniň halkara arenasynda kabul edilendigini, onuň öz ýurdundaky çylşyrymly meseleleri çözmekde, täze durmuşy ýola goýmakda, şol sanda ykdysadyýeti ösdürmekde köp iş edendigini belledi.

Türkmen prezidenti ozalky kärdeşiniň türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmekde bitiren hyzmatlaryny ýatlap, "biz ony örän söýýärdik, ol bizde, Türkmenistanda hormatly il ýaşulysydy, uly-kiçi diýmän hemmeler ony sylaýardy" diýdi.

"Bu gatnaşyklar hemişe biziň asyrlyk däplerimize, milli aýratynlyklarymyza esaslanýardy" diýip, türkmen prezidenti sözüniň üstüni ýetirdi.

Berdimuhamedow bu günki günde, Özbegistanyň iň ýakyn dostlary hökmünde, türkmenistanlylaryň özbek halky bilen bile ýas tutýandygyny aýtdy.

Şeýle-de ol Yslam Abdyganyýewiçiň adynyň türkmenistanlylaryň ýüreklerinde baky ýaşajakdygyny, diňe paýtagtda däl, ýurduň çar künjeginde meýdançalara, skwerlere onuň adynyň dakyljakdygyny aýtdy.

"Men Yslam Abdyganyýewiçiň ýatan ýeriniň ýagty bolmagyny, jaýynyň jennet bolmagyny beýik biribardan, güýçli allatagaladan, iman baýlygyny hem bersin diýip, dileýärin" diýip, Berdimuhamedow sözüniň soňunda aýtdy.

Türkmenistanyň Döwlet eýeçiligindäki habarlar gullugy TDH şu gün prezident G.Berdimuhamedowyň 3-4-nji sentýabrda Gyrgyzystan Respublikasyna planlaşdyrylan saparynyň, Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimow bilen hoşlaşmak boýunça resmi çärä gatnaşýandygy sebäpli, goýbolsun edilendigini habar berdi.

Türkmen prezidentiniň Özbegistanda, Yslam Kerimow bilen hoşlaşyk çäresine gatnaşýandygy barada, diplomatik çeşmelere salgylanmak bilen, ilki Orsýetiň "Interfaks" habar gullugy habar berdi.

Özbegistanyň prezidetni Yslam Kerimow, resmi habara görä, 2-nji sentýabrda agşamara, 78 ýaşynda, beýnisine gan inmeden ýogaldy.

Ol dogduk şäheri Samarkanda, müňlerçe adamyň gatnaşmagynda topraga berildi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG