Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa bilen Waşington Siriýa ylalaşygyna "golaý geldi"


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama

Moskwa bilen Waşington özleriniň Siriýada atyşygy bes etmek ylalaşygyny gazanmaga golaý gelendiklerini, emma biraz köp wagt gerekdigini aýdýarlar.

Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow 4-nji sentýabrda «Biz ylalaşyga golaý... Emma diplomatiýa sungaty durmuşa geçirmek wagtyny talap edýär» diýdi.

Ol «bizde gepleşikleriň puç boljagyna garaşmaga esas ýok» diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Ol bu sözleri Hytaýda, 20-ler toparynyň Hanžouda geçýän ykdysady sammiti mahalynda, media bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama biraz öň Siriýadaky duşmançylyklary soňlamakda islendik ylalaşyga gelmek üçin Orsýet bilen gepleşikleriň möhümdigini, emma bu gepleşikleriňkyndygyny aýdypdy.

Obama 4-nji sentýabrda Hytaýyň Hanžou şäherindeguralan metbugat ýygnagynda Waşington bilen Moskwanyň arasynda düýpli pikir dürlüliginiň saklanyp galýandygyny aýtdy.

"Biz entek ol ýere ýetemizok" diýip,Obamaaýtdy. "Meniň pikirimçe, häzir öňe tarap aýdyň ýoda bar diýerden ir, emma bu ýerde käbir öňegidişlikleriň edilmegi üçin mümkinçilik bar" diýip, amerikan lideri sözüniň üstüni ýetirdi.

Prezident Obama bu sözleri Hytaýda, 20-ler toparynyň ykdysady sammitiniň gapdalyndan aýtdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Siriýadaky «Yslam döwleti» toparyna we beýleki ekstermistlere garşy söweşde ABŞ-Orsýet harby hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek ylalaşygy barada hepdeläp gürrüň edýär.

XS
SM
MD
LG