Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: ýol hadysasy onlarça adamy öldürdi


Maý aýynda Gazni welaýatynda iki awtobusyň nebit tankeri bilen çakyşmagy netijesinde 52 adam öldi.

Maý aýynda Gazni welaýatynda iki awtobusyň nebit tankeri bilen çakyşmagy netijesinde 52 adam öldi.

Günorta Owganystanda ýolagçy awtobusy bilen ýangyç getirýän maşynyň çakyşmagy we ýangyn döremegi netijesinde azyndan 35 adam öldi.

Owgan resmileri 4-nji sentýabrda bu hadysanyň Zabul welaýatynda bolandygyny aýtdylar. Ýolagçy awtobusy Kandagardan Kabula gelýän eken.

Zabul welaýatynyň gubernatorynyň sözçüsi Gul Yslam Seýal ýene 25 adamyň ýaralydygyny, olaryň käbiriniň ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdy.

Seýal sürüjileriň ikisini hem geleňsizlikde aýylady.

Maý aýynda hem hut şunuň ýaly ýolda, emma Gazni welaýatynda iki awtobusyň nebit tankeri bilen çakyşmagy netijesinde 52 adam ölüpdi.

XS
SM
MD
LG