Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: 100-den gowrak PKK söweşijisi öldürildi


Türk esgerleri

Türk esgerleri

Türk harbylary, hökümet güýçleri bilen çaknyşyklarda,Kürdistan Işçiler partiýasynyň 100-den gowrak jeňçisiniň öldürilendigini ýa ýaraly bolandygyny aýdýar.

Harbylar 3-nji sentýabrda beýanat çap edip, PKK jeňçileriniň 100-den gowragynyň «bitaraplaşdyrylandygyny» aýtdylar, emma olaryň näçesiniň öldürilendigini, näçesiniň bolsa ýaraly bolandygyny anyklaşdyrmadylar.

Bu Ankara bilen PKK-nyň arasynda soňky ýyllarda bolan çaknyşyklarda bir günde habar berlen iň ýokary pida sanydyr.

Bu beýanat günorta-gündogar welaýat Hakkaride we günorta welaýat Wanda geçirilen aýry-aýry iki sany harby operasiýada 11 sany türk esgeriniň öldürilip, 28 sanysynyň ýaralanandygy baradaky habaryň yz ýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG