Sepleriň elýeterliligi

Jinping: Dünýä ykdysadyýetine proteksionizm wehim salýar


Si Jinping dünýä ykdysadyýetine söwdany bökdeýän proteksionizmiň wehim salýandygyny aýdýar.

Si Jinping dünýä ykdysadyýetine söwdany bökdeýän proteksionizmiň wehim salýandygyny aýdýar.

Hytaýyň prezidenti Si Jinping dünýä ykdysadyýetine söwdany bökdeýän proteksionizmiň wehim salýandygyny aýdýar.

Ol bu pikiri 20 döwletiň liderleriniň gatnaşmagynda Hanžou şäherinde geçirilýän sammitiň açylyşynda sözlän sözünde aýtdy.

Şeýle-de ol dünýä ykdysadyýetiniň aýgytly çatryga gelendigini sözüniň üstüne goşdy.

Ol bu pikirine delil edip, talabyň peselmegini, maliýe durnuksyzlygyny, söwdanyň we inwestisiýanyň ysgynsyzlygyny mysal getirdi.20 döwletiň liderleriniň iki günlük sammitinde azat söwdanyň we globallaşmagyň goragy, çetleşmä garşy duýduryş baş mesele bolar öýdülýär.

Sammite gatnaşýanlaryň arasynda amerikan, rus, ýapon, britan, german, fransuz, hindi... liderleri bar

XS
SM
MD
LG