Sepleriň elýeterliligi

ABŞ we Orsýet Siriýa boýunça ylalaşyk gazanyp bilmediler


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow

ABŞ-nyň we Orsýetiň diplomatlarynyň Siriýadaky söweşleri gowşatmak boýunça ylalaşmak ugrundaky synanyşygy şowsuzlyga uçrady.

ABŞ-nyň döwlet departamentiniň resmisiniň 5-nji sentýabrda aýtmagyna görä, ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerriniň we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň Hangzhouda “Uly 20” guramasynyň sammitiniň ýanynda geçiren gepleşikleri ylalaşyga gelinmän tamamlanypdyr.

Kerri we Lawrow Siriýada “Yslam döwleti” (YD) toparyna we beýleki ekstremistlere garşy göreş boýunça ABŞ-nyň we Orsýetiň harby hyzmatdaşlygyny artdyrmak barada gepleşipdir.

Garaşylan ylalaşyk Siriýada gabawdaky ýerlere kömek eltmek boýunça düzgünleri we Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň hökümetini ABŞ tarapyndan goldanýan gozgalaňçylary bombalamagynyň öňüni almak boýunça ädimleri öz içine alýar.

XS
SM
MD
LG