Sepleriň elýeterliligi

Obama we Putin Hytaýda duşuşdylar


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, Hangzhou, 5-nji sentýabr, 2016

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, Hangzhou, 5-nji sentýabr, 2016

Hytaýda geçýän “Uly 20” guramasynyň sammitiniň çäginde Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň arasynda duşuşyk boldy.

ABŞ-nyň resmileriniň 5-nji sentýabrda aýtmagyna görä, duşuşygyň jijme-jikleri barada günüň dowamynda habar beriler.

Kremliň metbugat-wekili Dmitriý Peskowyň žurnalistlere aýtmagyna görä, Putin we Obama Siriýa we Ukraina bilen bagly meseleleri ara alyp maslahat edipdirler.

5-nji sentýabrda irden ABŞ-nyň we Orsýetiň baş diplomatlary Siriýadaky söweşleri gowşatmak boýunça ylalaşyk gazanmakda şowsuzlyga uçradylar.

XS
SM
MD
LG