Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Partlamalaryň pidalarynyň sany gapma-garşy


Homs şäheriniň Bab Tadmor etrabynda partlamanyň bolan ýeri, 5-nji sentýabr, 2016

Homs şäheriniň Bab Tadmor etrabynda partlamanyň bolan ýeri, 5-nji sentýabr, 2016

Siriýanyň döwlet mediasy Damaskyň golaýynda ýerleşýän Tartous we Homs şäherleriniň hökümet güýçleriniň gözegçiligindäki böleklerinde bolan birnäçe partlamada azyndan 13 adamyň wepat bolandygyny habar berdi.

Emma düýbi Britaniýada ýerleşýän “Siriýada adam hukuklarynyň gözegçisi” atly gurama 5-nji sentýabrda bolan partlamalarda heläk bolanlaryň sanynyň has köpdügini aýdyp, azyndan 24 adamyň wepat bolandygyny habar berýär.

Siriýanyň SANA täzelikler agentligine görä, kenarýaka Tartous şäheriniň girelgesinde Arzouna köprüsiniň golaýynda iki partlama bolupdyr.

Siriýanyň döwlet telewideniýesi birinji partlamanyň awtoulagda goýlan bombanyň partladylmagynyň netijesinde emele gelendigini ikinjisini janyndan geçen hüjümçiniň halas edijileriň gelen wagtynda amala aşyrandygyny habar berdi.

SANA agentliginiň maglumatyna görä, awtoulagda goýlan bomba Homs şäheriniň Bab Tadmur etrabynyň girelgesinde partladylypdyr.

Siriýanyň telewideniýesi Beýrut-Damask gara ýolunyň ugrunda ýerleşýän al Saboura şäheriniň golaýynda hem bomba partlamasynyň bolandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG