Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe Siriýa bilen serhedini söweşijilerinden arassalaýar


Türkiýäniň Karkamis obasyndan oglanjyk Siriýanyň Jarabulus şäherinden göterilýän tüssä seredýär, 1-nji sentýabr, 2016

Türkiýäniň Karkamis obasyndan oglanjyk Siriýanyň Jarabulus şäherinden göterilýän tüssä seredýär, 1-nji sentýabr, 2016

Türkiýäniň premýer-ministri Binali Ýildirim hökümet güýçleriniň we Siriýanyň gozgalaňçylarynyň “Yslam döwleti” (YD) toparynyň ekstremistlerini Siriýanyň Türkiýe bilen serhediniň golaýyndan doly gysyp çykarandygyny aýdýar.

“Azazdan Jarabulusa çenli 91 kilometrlik serhedimiz tutuşlygyna howpsuz. Ähli terrorçy guramalar yza serpikdirildi we çekildi”, diýip Ýildirim 4-nji sentýabrda ýurduň günorta-gündogar şäheri Diýarbakire eden saparynyň dowamynda telewideniýede görkezilen çykyşynda aýtdy.

Türkiýäniň harbylarynyň beýannamasynda siriýaly araplaryň we “Azat Siriýa goşuny” atly toparyň adyndan söweşýän türkmen söweşijileriň 20 çemesi obany “Yslam döwleti” toparyň elinden alansoň Azazyň we Jarablusyň arasyndaky serhede gözegçilik edýändigi habar berilýär.

Bu öňegidişlik Türkiýäniň 24-nji awgustda serhet ýakasyny YD toparyndan arassalamak we kürt söweşijileriniň öňüni almak boýunça başlan operasiýasynyň netijesinde emele geldi.

XS
SM
MD
LG