Sepleriň elýeterliligi

Sud edilýän gazak žurnalisti üçünji gezek keselhana düşdi


Gazagystanyň žurnalistler bileleşiginiň we Milli press klubuň başlygy Seitkazy Mataýew (s)

Gazagystanyň žurnalistler bileleşiginiň we Milli press klubuň başlygy Seitkazy Mataýew (s)

Gazagystanyň žurnalistler bileleşiginiň we Milli press klubuň başlygy hilegärlik we salgytdan gaçmak bilen bagly aýyplamalaryň esasynda awgust aýynda başlanan sud diňlenişikleriniň dowamynda üçünji gezek keselhana düşdi.

Astanda öý tussaglygynda saklanýan Seitkazy Mataýew 5-nji sentýabrda suda barýarka özüni erbet duýup, güýçli gan basyşy sebäpli keselhana äkidildi.

Mataýewiň aklawçysy sud diňlenişiginiň 13-nji sentýabra çenli yza tesdirilendigini aýtdy.

Mundan öň Mataýev güýçli gan basyşy sebäpli 23-nji we 29-njy awgustda keselhana düşüpdi.

Mataýewiň işine onuň ogly KazTAG täzelikler agentliginiň başlygy Asetiň işi bilen bilelikde 23-nji awgustda diňlenip başlandy.

Fewral aýynda tussag edilen Mataýewler özlerine ýöňkelýän aýyplamalary ret edip, olaryň syýasy matlaplydygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG