Sepleriň elýeterliligi

Siriýa-türk serhedi YD-dan 'arassalandy'


Türkiýäniň premýer-ministri Binali Ýyldyrym

Türkiýäniň premýer-ministri Binali Ýyldyrym

Türkiýäniň premýer-ministri Binali Ýyldyrym hökümet güýçleri bilen siriýaly gozgalaňçylaryň “Yslam döwleti” atly toparyň jeňçilerini siriýa-türk serhedinden kowup çykarandygyny aýtdy.

Ýyldyrym 4-nji sentýabrda Diýarbakyr şäherinde eden çykyşynda: “Azazdan Jarablusa çenli, 91 kilometr bolan serhedimiz tutuşlygyna howpsuzlandyryldy. Ähli terroristik guramalar yzyna serpikdirildi, olar gitdiler” diýdi.

“Biz Ýewfrat galkany (Türkiýäniň demirgazyk Siriýada alyp barýan harby operasiýasynyň ady) bilen demirgazyk Siriýada. Biz öz serhedimizi goramak, raýatlarymyzyň janyny goramak we Siriýanyň toprak bütewiligini kepillendirmek üçin ol ýerde” diýip, Ýyldyrym aýtdy.

Türk harbylary bir beýannamada 20 oba “Yslam döwletiniň” jeňçilerinden alnaly bäri Azaz bilen Jarablusyň aralygyndaky araçäge Erkin Siriýa goşunyna degişli araplar bilen türkmenleriň gözegçilik edýändigini bildirdi.

Britaniýada ýerleşýän Siriýanyň adam hukuklary obserwatoriýasy hem Türkiýe bilen bolan “ähli serhet etraplaryny ýitireli bäri Yslam döwleti daşky dünýä bilen arabaglanyşygyny vitirdi” diýdi.

Bu ilerlemä sebäp bolan Türkiýäniň “Yslam döwleti” ekstremistlerini serhet ýakalaryndan kowup çykarmak, şeýle hem kürt jeňçileriniň ilerlemeginiň öňüni almak maksady bilen 24-nji awgustda başlan harby operasiýasy boldy.

Ýyldyrym 4-nji sentýabrda öz ýurdunuň Siriýa goşun salynmagyny, aralykdaky uzyn serhede salgylanmak bilen gorady. Ol şeýle hem: “Biz demirgazyk Siriýada bir ýasama döwletiň döredilmegine asla ýol bermeris” diýdi.

Türkiýe bilen siriýaly gozgalaňçylar siriýaly kürtleriň bu ýurduň demirgazyk böleginde köpräk topragy eýelemeginiň öňüni almak üçin, Birleşen Ştatlar tarapyndan goldalýan Halk goranyş birleşikleri (YPG) diýilýän kürt güýçlerine garşy söweşýärler.

Premýer-ministr Ýyldyrym kürt jeňçileri howp salyp bilmejek ýagdaýa gelýänçä, Türkiýäniň olara garşy alyp barýan söweşini dowam etdirjekdigini aýtdy: “Terroristik gurama PYD biziň ýurdumyza zyýan ýetirmejek ýagdaýa gelen badyna biz yzymyza dolanarys. Bu bolmasa, biziň işimiz ýurdumyzy goramak, raýatlarymyzyň howpsuzlygyny kepillendirmek bolar. Bu iş üçin näme zerur bolsa, ederis”.

Türkiýäniň garaýşyça YPG terroristik gurama hasaplanýan we Türkiýede gadagan edilen ýaragly topar Kürdüstanyň işçiler partiýasy PKK-nyň goly. Ýöne Birleşen Ştatlar YPG söweşijileri “Yslam döwletine” garşy göreşde möhüm strategik bölek diýip, olary beýleki kömekler we howadan urulýan zarbalar bilen goldaýar.

Hytaýyň Hangzhou şäherinde geçen G20 sammitinde hem Siriýa gün tertibinde durdy. Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen Germaniýanyň kansleri Angela Merkel 4-nji sentýabrda sammitiň gapdalynda iki sagada golaý gepleşik geçirdiler. German hökümetiniň sözçüsi Steffen Seibert iki lideriň Siriýadaky konflikt, aýratyn-da Assadyň goşuny tarapyndan gabawda saklanýan Aleppodaky “betbagtçylykly” gumanitar ýagdaý hakda pikir alşandyklaryny aýtdy.

Seibertiň bildirmegine görä, Putin bilen Merkel Ukrainada barýan konflikt hakda hem gürleşipdirler.

Bu birnaçe aýdan soň Merkel bilen Putiniň arasynda geçen ilkinji duşuşykdyr. Iki ýurt arasyndaky gatnaşyk Orsýet 2014-nji ýylda Krym ýarym adasyny zor bilen özüne birikdireninden soň ýaramazlaşdy.

2015-nji ýylyň fewralynda Minskde baglaşylan geleşik söweşi togtadar diýip pikir edilipdi. Ýöne iki ýyldan gowräk bäri barýan uruş indi 9500-den köp adamyň başyna ýetdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG