Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan garaşsyzlygyny harby parad, feýerwerk bilen bellär


Harby çäre, Lebap.
Harby çäre, Lebap.

Türkmenistan döwlet garaşsyzlygynyň 25-nji ýyl dönümini harby parad we feýerwerkler bilen bellär.

Türkmenistanyň hökümetiniň 5-nji sentýabrda geçiren iş maslahatynda ýurduň garaşsyzlyk senesine görülýän çäreler, şol sanda harby parad üçin taýýarlyklar barada Döwlet howpsuzlygy geňeşiniň sekretary we goranmak ministri Ý.Berdiýew hasabat berdi.

Maslahatda Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow harby parad arkaly milli goşunyň güýç-kuwwatyny görkezmegi, şeýle-de baýramçylyk güni Aşgabatda we ähli welaýat merkezlerinde feýerwerkleri guramagy tabşyrdy.

Türkmenistan Sowet Soýuzyndan garaşsyzlygynyň senesini 27-nji oktýabrda ýurt ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyndaky köpçülikleýin çäreler, baýramçylyk konsertler bilen belleýär. 1991-nji ýylda Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynda “Türkmenistanyň garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda” kanun kabul edilipdi.

XS
SM
MD
LG