Sepleriň elýeterliligi

Samarkant: Putin prezident Kerimowyň mazaryna bardy


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Özbegistanyň öňki prezidenti Yslam Kerimowyň mazaryna gül goýýar, Samarkant, 6-njy sentýabr, 2016.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Özbegistanyň öňki prezidenti Yslam Kerimowyň mazaryna gül goýýar, Samarkant, 6-njy sentýabr, 2016.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Özbegistanyň öňki prezidenti Yslam Kerimowyň hatyrasyna matam tutmak üçin Samarkant şäherine sapar etdi.

Orsýetiň prezidenti 6-njy sentýabrda eden bu saparynyň dowamynda Kerimowyň mazaryna gül goýdy. Şeýle-de Putin Kerimowyň aýaly Tatýana we kiçi gyzy Lola Kerimowa-Tillýaýewa duýgudaşlyk bildirdi.

Putin özbek premýer-ministri Şawkat Mirzýaýew bilen duşuşygynda Özbegistanyň doly Orsýete bil baglap biljekdigini aýtdy.

Putin 6-njy sentýabrda sözlän sözünde “Öz tarapymyzdan biz bilelikdäki ösüş ýoluny dowam etdirmek we Özbegistan hem özbek administrasiýasy üçin ähli zady ederis. Bize doly bil baglap bilersiňiz” diýdi.

Putin 3-nji sentýabrda Kerimowyň jaýlanyş çäresine gatnaşmady.

Öňki kommunist ýolbaşçy Kerimow berk içerki toparyň merkezinde bolup, başga pikirliligi çäklendirmek boýunça güýçli howpsuzlyk şertleriň berjaý edilmeginde Özbegistana 27 ýylyň dowamynda baştutanlyk etdi.

XS
SM
MD
LG