Sepleriň elýeterliligi

Poroşenko Günbataryň goldawyna kepil geçmek kynlaşdy diýdi  


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko, Kiýew, 6-njy sentýabr, 2016

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko, Kiýew, 6-njy sentýabr, 2016

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko “Orsýetiň agressiýasyna” garşy göreşde Günbataryň goldawyna kepil geçmegiň kynlaşýandygyny aýtdy.

Poroşenko 6-njy sentýabrda Kiýewde eden çykyşynda Ýewropanyň içerki güýjüniň migrasiýa krizisi we söweşijileriň hüjümleri ýaly daşarky meseleleriň synagyndan geçendigini belledi we 2017-nji ýylyň saýlawlarynyň syýasy güýçleriň Kreml bilen barlyşyga isleglidigini görkezmeginiň ähtimaldygyny duýdurdy.

Ukrainanyň prezidenti parlamentiň maslahatyny açyp eden çykyşynda “Ukrainanyň Orsýetiň agressiýasyna garşy göreşde berk halkara goldawyna mätäçligi saklanýar” diýdi we Orsýetiň giň derejede goşulyşmagy bilen bagly meseläniň çözülmändigini belledi.

XS
SM
MD
LG